logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Kim, haçan oýlap tapdy?
  28.10.2022
1492
Kim, haçan oýlap tapdy?

Irki wagtlardan bäri adamlarda deňizde ýüzmek we onuň üçin bolsa suwda çümmeýän haýsy hem bolsa bir zady oýlap tapmak pikiri döräpdir. Adamlar ilkibaşda agaç bölekleriň, agaç çelekleriň, tagtanyň hem-de çişirilen derileriň üstünde ýüzüp görýärler, emma bu ýüzüş uzak wagtlyk bolmaýar.

Dünýädäki ilkinji ýüze çykan gäminiň haçan we nirede oýlanyp tapylandygy barada birnäçe maglumatlar bolup, ol esasy Müsürde ýerleşýän Nil derýasynyň ilkinji gämi gatnawly derýa bolandygy çaklanylýar. Ýagny, bu ýerde peýda bolan ilkinji gämiler söwda maksat üçin döredilip, ol ýük arabasyna garanyňda, ýurduň ykdysady durmuşynda has peýdaly bolupdyr. Şeýle hem bu gämiler orak görnüşinde bolupdyr. Müsürde tokaý az bolandygy üçin, gäminiň gurluşygynda papirus ulanylypdyr hem-de daşy sim bilen berkidilipdir. Şol wagtlar gämileriň iň ýokary tizligi sagatda 12 kilometre ýetipdir.

Mundan başga-da, 5 müň ýyl ozal deňiz söwdasynyň ösmegi netijesinde inikiýalylar gämi gurup başlaýarlar. Olar tagtalar bilen haýwanlaryň oňurga birleşýän süňklerinden örtülen gaty gapyrgalary merkezdäki bir agaja berkidipdirler. Finikiýalylaryň bu taslamasy şu günki güne çenli dowam edýär.

Ilkibaşda gämiler agaçdan ýasalyp, 1789-njy ýylda ilkinji demir gämi, 1843-nji ýylda bolsa ilkinji demirden deňiz gämisi gurulýar.

Ispaniýada, Portugaliýada, Angliýada, Fransiýada, Gollandiýada we başga-da birnäçe ýurtlarda wagtyň geçmegi bilen gämi gurluşygy ösdürilip başlanýar. 

 

Raýhan RAJAPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.