logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Kim, haçan oýlap tapdy?
  29.10.2022
1595
Kim, haçan oýlap tapdy?

Daniýaly Waldemar Poulsen tarapyndan XIX asyryň ahyrynda telegrafon atly ses ýazgysyny edýän we ony soňundan diňläp bolýan enjamy oýlap tapýar.

1900-nji ýylda Parižde geçirilen «Exposition Universelle» sergisinde Waldemar Poulseniň bu açyşy köpçülige görkezilýär. Mundan başga-da, Poulsen Kopengagen telefon kompaniýasynda işläp, ol ykjam diskiň hem ilkinji hasaplanýan enjamyny oýlap tapýar. Şeýlelikde, daniýaly oýlap tapyjy ses ýazgyny oýlap tapan ilkinji adam hasaplanýar.

Nemes inženeri, doktor Fritz Pflaumer 1928-nji ýylda magnit külkesini ýukajyk kagyzyň ýüzüne ýelmemegi başarýar. Şondan soňra Pflaumeriň bu usuly uzak wagtlap peýdalanyljak täze açyşlaryň birine öwrülip, ses lentasyna ýazgy etmek usuly emele gelýär.

Berlinde ýerleşýän «AEG» kompaniýasy 1930-njy ýylda Pflaumeriň usulyndan peýdalanyp, magnitofon atly ses ýazgy edip bolýan enjamy öndürýär. Şeýle hem «AEG» kompaniýasy plastika öndürmekde uly tejribeleri toplan «BASF» kompaniýasy bilen ýazgy lentasyny işläp taýýarlamak üçin hyzmatdaşlyk edýär. Şeýlelikde, 1935-nji ýylda Berlin Radio sergisinde «AEG» kompaniýasynyň ilkinji K1 atly magnitofony we «BASF»-yň magnitli lentasy köpçülige görkezilýär. Bu enjamda iki sany disk bolup, magnitofon bu disklere saralan lentalaryň aýlanmagy bilen ýazgy edýär we şol ýazgyny gaýtadan diňlämäge mümkinçilik döredýär. «AEG»  we «BASF» kompaniýalarynyň döreden bu K1 atly magnitofony geçen asyryň ikinji ýarymynda dünýäniň beýleki ýurtlaryna hem giňden ýaýraýar. 

 

Guwanç HALLYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.