logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Kislota ýagyşy nähili emele gelýär?
  15.03.2022
1530
Kislota ýagyşy nähili emele gelýär?

Kislotaly ýagyş – kislotaly maddalary öz içine alýan ýagyş görnüşidir.

Uly şäherleriň hapalanan howasynyň daşky gurşawa zyýanly täsir edýändigi XVII asyrdan bäri mälim bolsa-da, kislotaly ýagyş termini diňe XIX asyryň ikinji ýarymyndan soň ulanylyp başlandy. Kislota ýagyşlarynyň ylmy gözlegleriň mowzugyna 1960-njy ýyllardan soň öwrüldi.

 Kislotaly ýagyş tebigy prosesleriň we adam işjeňliginiň netijesinde bolup biler. Häzirki wagtda kislotaly ýagyş Ýewropanyň, Demirgazyk Amerikanyň we Aziýanyň dürli ýerlerinde ýygy-ýygydan bolýar. Suwuklyklaryň kislotasyny beýan etmek üçin pH diýilýän masştab ulanylýar. Bir maddanyň pH-i näçe pes bolsa, şonça-da kislotaly bolýar. Aslynda arassa ýagyş suwy hem kislotalydyr.

Kislota ýagyşyndan tapylan başga bir kislota azot kislotasydyr. Wulkan işjeňligi kislota ýagyşynyň döremegine sebäp bolýan tebigy prosesleriň başynda durýar. Wulkandan çykýan gaz we tozan bulutlaryndaky dürli maddalar atmosferada kislotaly gazlaryň döremegine sebäp bolýar.

Häzirki wagtda ýüze çykýan kislotaly ýagyşlar esasan tebigy proseslerden däl-de, adam işjeňliginden emele gelýär. Bu hadysalaryň öňüni almak üçin alymlar birnäçe işleri durmuşa geçirýärler.

Oguljemal RÖWŞENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.