Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Saglyk /Kişmiş suwunyň peýdalary
  28.11.2022
1060
Kişmiş suwunyň peýdalary

Azyklyk hem-de beýleki köpdürli peýdalary bilen mälim bolan kişmiş gündelik durmuşda giňden ulanylýar. Tebigy ýol bilen kölegede ýa-da Günüň ýiti bolmadyk şöhlesinde guradylan üzüm kişmişiniň dermanlyk häsiýetleri-de köptaraplaýyndyr. Kişmişiň peýdaly häsiýetleri irki wagtlardan bäri belli bolup, ol halk lukmançylygynda ýörgünli önüm hasaplanylypdyr. Kişmişiň dürli görnüşleri bolup, olar reňkine, ululygyna we çigidiniň bardygyna ýa-da ýokdugyna baglylykda tapawutlanýar. Reňki boýunça kişmiş gara, sary, açyk sary hem gyzyl bolýar.

Bulardan hem başga kişmiş dürli tagamlary, çörek önümleri, dürli süýjülikler taýýarlananda giňden ulanylýar. Has hem çigitsiz kişmiş köp peýdalanylýar. Emma kişmişiň diňe bir özüniň däl-de, onuň suwunyň hem saglyga peýdalydygy köplere mälim bolmasa gerek. Geçirilen barlaglar kişmişi suwda gaýnadyp, aç ýagdaýda içmekligiň örän köp peýdaly taraplarynyň bardygyny subut edýär. Kişmiş suwy bagryň işini gowulandyrmaga ýardam edýär. Kişmiş suwunda aňsat siňdirilýän antioksidantlaryň köpdügi barlaglar arkaly seljerildi. Bu maddalar içki synalaryň işini ýeňilleşdirmek bilen, köp sanly fermentleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. Kişmişiň özünde hem iýmit siňdiriş synalarynyň işleýşini gowulandyrýan we onuň arassalanmagyna kömek edýän süýümleri bar.

Kişmişli suw adamyň şähdini açmak bilen, ýadawlygy aýyrmak üçin energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär. Munuň üçin bir bulgur möçberde kişmiş suwuny içmeklik ýeterlik hasaplanylýar. Şeýle hem kişmiş suwy içilende bedendäki holesteriniň derejesi hem peselýär. Kişmiş suwunyň düzüminde hiç hili ýag saklanmaýar, netijede bedendäki ganyň düzümi ep-esli derejede gowulaşýar, arassalanýar. Taýýarlanandan soň azyndan 24 sagatlap salkyn ýerde saklanan kişmiş suwy has-da ýaramly hasaplanylýar. Şeýle-de kişmiş suwuny içmeklik gan basyşyny peseltmeklige hem ýardam edýär, bu bolsa ýürek-damar ulgamy bilen baglanyşykly näsazlyklaryň döremek töwekgelçiliginiň azalmagyna getirýär. Ýöne esasy zat, suwy içilenden soň, onda galan kişmişi iýmegi-de ýatdan çykarmaly däl. Umuman, kişmiş köptaraplaýyn peýdaly häsiýetlere eýe bolan azyklyk we dermanlyk önümi bolup, ol ençeme ýokumly maddalaryň, peýdaly elementleriň özboluşly ammarydyr. 

 

Şemşat ŞYHMUHAMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.