logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Kitap okamagyň peýdalary
  22.06.2022
3084
Kitap okamagyň peýdalary

       Geçmişden şu güne çenli iň uly maglumat çeşmesi bolup hyzmat eden kitaplar, geçmişi şu gün bilen geljegi baglanyşdyrýan köprülerdir şu wagta çenli geçirilen gözleglerden görnüşi ýaly, kitap okamagyň peýdalary sansyzdyr. Kitaplar saglygymyza we şahsy ösüşimize kömek edýän iň uly guraldyr. Iňlis ýazyjysy Jeanette Wintersonyň aýdyşy ýaly: “Kitaplar gapy ýalydyr. Açanyňyzdan soň başga bir dünýä gidersiňiz”.  Olardan öwrenjek tükeniksiz maglumatlarymyz bilen, hatda baryp bilmejek ýerlerimize gitmäge we tanyşmadyk adamlarymyz bilen duşuşmaga ýetip bileris. Diňlemekden tapawutlylykda, sözlemlere has köp üns bermek bilen ünsümizi jemlemäge mümkinçilik berýär. Kitap okamak diňe bir söz baýlygymyza kömek etmän, eýsem ýazuw düzgünlerine laýyklykda sözleri dogry ýazmaga we daşary ýurt dilini öwrenenimizde sözleri dogry ýazmaga we daşary ýurt dilini öwrenenimizde sözleri ýatda saklamaga hem kömek edýär.    Kitap okamak stress döwründe stressi azaltmaga hem kömek edýär. Her okan kitabymyz bilimimizi artdyrýar. Käwagt adamlaryň atlaryny,  telefon belgileri we salgylary ýatda saklamakda kynçylyk çekýäris. Şeýle-de bolsa bir kitap okanymyzda ol kitapda bolup geçen wakalary, ýeri, adamlary we wagty ýatda saklamaga çalyşýarys. Bu bolsa ýadyňy berkitmäge ýardam berýär we öwrenilen maglumatlaryň hemişelik bolmagyna sebäp bolýar. Kitap okamagy endik etmek duýgudaşlygy gowulandyrýar we ömri uzaldýar.

Abdyhekim Annamyradow

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby