Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Kitaphanalar - umumy adamzat baýlygynyň jemlenen ýeri
  13.03.2023
888
Kitaphanalar - umumy adamzat baýlygynyň jemlenen ýeri

Kitaphana bu gadymda häzirki güne çenli umumyadamzat baýlygynyň jemlenen ýeri hasap edilýär. Adatça Ýewropada giňden ýaýran «Bibliothek» sözi bolsa gadymy grekçeden terjime edenimizde «biblion» - kitap, «theke» - saklanýan ýer diýmekligi aňladýar.

Türkmen dilimizdäki kitaphana sözümiz bolsa arap, pars dillerinde kütüp - kitap, hana - öý diýen sözlerden gelip çykandyr. Adamlar köpçüliginiň isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilen kitaphanalar dürli maglumatlara baý bolan kitaplary özünde jemleýär diýsek ýalňyşmarys. Kitaphanalar biziň eýýamymyzdan öň 2000-nji ýyllarda döräpdir diýlip çaklanylýar.

Kitap okamak adamy ruhy taýdan iýmitlendirýär. Akyldarlaryň aýtmagyna görä dünýädäki iň garyp adam kitap okamaýan adamdyr. Ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň ählisinde täze, döwrebap kitaphanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi ilatymyzy hasda begendirdi, buýsandyrdy. 

Geliň indi bolsa kitaplar we kitaphanalar barada iň gyzykly maglumatlar bilen tanşalyň! 

- Iň uly kitap Gollandiýanyň Amsterdam şäherinde saklanylýan «Deňiz düzgünleriniň ýygyndysy» atly kitapdyr. Onuň boýy 2 metr, ini 1 metrden, galyňlygy bolsa 1,5 metrden ybaratdyr.

- Häzirki döwürde satylýan kitaplaryň ýarysyny ýaşy 45-den geçen adamlar satyn alýarlar.

- Dünýäde iň agyr kitap «Gigas kodeksi» atly kitapdyr. Onuň agramy 75 kg barabardyr.

- Okyjylaryň köpüsiniň kitaby okamaga bolan höwesi 18-nji sahypa çenli belli bolýar, çünki şol sahypa çenli kitabyň gyzyklydygy ýa-da däldigi doly belli bolýar.

- Iň köp galam haky Rim imperatory Mark Awreli tarapyndan şahyr Oppiana tölenipdir. Ol balyk tutmak we awçylyk hakyndaky iki sany poemasyny her setirine bir altyn şaýlyk alypdyr. Iki poemada jemi 20 müň setir bar eken.

- Dünýäde iň kiçi kitaphana Beýik Britaniýanyň Uestberisab-Mendip şäherçesinde ýerleşýär. Bu şäherçede bary ýogy 800 adam ýaşaýar. Olar öz kitaphanajygyny telefon budkasynyň içinde ýerleşdiripdirler.  

 

Maýa ARSLANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.