logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Agriculture /Kombaýnlar möwsüme taýýar!
  31.05.2023
726
Kombaýnlar möwsüme taýýar!

Ýurtda geçirilýän giň gerimli oňyn özgertmeler netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba-hojalygy hem yzygiderli ösýär. Döwletimiz oba-hojalygyny ösdürmek, onuň maddy tehniki binýadyny pugtalandyrmak barada uly alada edýär, beýleki oba-hojalyk ekinleri bilen birlikde, gowaça ýetişdirmekde we ýygnamakda hem edermen daýhanlarymyzyň has netijeli işlemekleri, toprakdan bol hasyl almaklary üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Türkmen halkymyzyň dilindäki «Jüýjäni güýz sanaşmak» diýen aýtgynyň esasynda-da, asly babadaýhanlaryň ýylboýy çeken zähmetiniň netijesini bu pasylda görýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Tejen etrabynyň oba hojalyk işgärleri bosagada duran galla oragyna oňat taýýarlyk görlüp, öňde duran möwsümi guramaçylykly başlamakda we bökdençsiz alyp barmakda däne ýygyjy kombaýnlaryň guratlygyna uly ornuň degişlidigine oňat düşünýän etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri degişli işleri geçirdiler. Olar, ilkinji nobatda, möwsümde işlediljek kuwwatly oba-hojalyk tehnikalarynyň – kombaýnlaryň her birini doly gözden geçirip, zerur bolan halatynda olarda abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Munuň üçin bolsa Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda ähli şertler, mümkinçilikler bar.

Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda möwsüme gatnaşjak işgärler bilen ýörite okuw maslahatlary geçirilip, möwsümde işlediljek tehnikalary bu ugurda tejribesi bolan mehanizatorlara berkitmek boýunça hem tabşyryklar berildi.

Etrabyň zähmetkeşleri ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap, şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna özleriniň zähmet ýeňişleri bilen barmagy maksat edinýärler. 

 

Gulmuhammet SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň
başlygy.