logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Köneürgenjiň pagta egriji kärhanasynda 2019 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi
  25.07.2022
994
Köneürgenjiň pagta egriji kärhanasynda 2019 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Köneürgenjiň pagta egriji kärhanasynda mata önümçiligine zerur bolan ýüplügiň öndürilişi barha artýar. Kärhana boýunça şu ýylyň alty aýynda bu ýerde dürli ölçegdäki nah ýüplügiň 2019 tonnadan gowragy öndürildi. Öndürilen önüm pul mukdarynda 18 million 431 müň manada barabar bolup, 105 göterim ösüş gazanyldy.

Köneürgenjiň pagta egriji kärhanasyny pagta süýümi bilen, esasan, Köneürgenç hem S.Türkmenbaşy etraplarynyň pagta arassalaýjy kärhanalary üpjün edýär. Bu çig mal kärhananyň önümçilik bölümlerinde gaýtadan işlenilip, ondan dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan nah ýüplügi­ň 6 görnüşi öndürilýär. Belläp geçsek, fabrikde ornaşdyrylan Şweýsariýanyň “Uster” kompaniýasynyň ölçeg enjamlary işi anyk hem dürs berjaý etmäge mümkinçilik berýär.