logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Konsepsiýanyň bäş ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi
  23.12.2022
1164
Konsepsiýanyň bäş ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli «Diller – dostluk köprüsi» atly iki aýlyk taslamanyň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi.

Onuň çäklerinde ýokary okuw mekdeplerinde «Sözleýşi ösdürmegiň netijeli treningi» atly dilçi mugallymlaryň okatmak başarnygy boýunça bäsleşik, «Dilleri öwretmegiň netijeliligini nähili ýokarlandyrmaly?» atly çekişme, «Dilçi zehinleriň söhbedi», «Dilleriň mukamy», «Iň gowy görkezme esbap» atly bäsleşikler, «Dilleri öwretmekde we öwrenmekde tejribeçi ýaşlaryň gazananlary» we «Dilleri öwretmegiň milli we halkara tejribesi» atly ylmy-amaly maslahatlar geçirildi.

Konsepsiýanyň kabul edilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli guralan konsert bolsa talyp ýaşlarda dünýä medeniýetine bolan gyzyklanma we uly ruhubelentlik döretdi. «Diller - dostluk köprüsi» atly iki aýlygyň jemleýji dabarasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşigiň ýeňijileri bolanlara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Dabarada mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ýurdumyzda dil syýasatyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza bolan buýsançlarydyr hoşallyklary belentden ýaňlandy.  

 

Bossan MERETGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.