Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Köňüller buýsançdan doly!
  03.06.2022
1177
Köňüller buýsançdan doly!

Ählimize mälim bolşy, rowaçlyklara beslenen bagtyýar zamanamyzyň her bir güni taryhy wakalar, şatlykly pursatlar bilen baýlaşýar. Goýny üç ýüz altmyş pirli gadymy Daşoguz topragymyza Gahryman Arkadagymyzyň mübärek gadamynyň düşmegi biz ýaşlaryň kalbynda guwanç duýgusyny has-da goşalandyrdy. Mähriban Arkadagymyzyň welaýatymyza geçiren iş saparynyň çäklerinde biziň ýokary okuw mekdebimize gelip, talyp ýaşlar bilen didarlaşmagy biziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Eziz Arkadagymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgesi biz ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebidir. Üstünlikler bilen nurlanýan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mähriban Arkadagymyzyň türkmen halkymyza peşgeş beren “Ömrümiň manysy” atly edebi-çeper kitaby biz üçin ajaýyp sowgat boldy. Eziz Arkadagymyzyň bu gymmatly kitabyny okap, ömrüň manysynyň – çuň manyly ömür sürmekdedigine göz ýetirýäris. Bu edebi-çeper eser bolsa Mähriban Arkadagymyzyň manyly ömrüniň pelsepesidir. Ata-babalarymyz hem öz nesillerini ýokary adamkärçilik, Watany jandan söýmek, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik babatdaky beýik ruhy mekdebiň gujagynda terbiýeläp ýetişdiripdirler. Ýaşaýşyň şeýle kämil nusgasyny kemala getiren mähriban halkymyz “Okan il ozar, okamadyk il tozar” diýipdirler. Biziň döwrümiz hem ylym-bilimiň ösýän döwri – Halkyň Arkadagly zamanasy! Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdir. Biz hem geljekde eziz halkymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny ödemegi özümize mukaddes borç hasaplap, eziz Watanymyzyň ösüş-özgerişleri üçin yhlasymyzy, zehinimizi gaýgyrman okarys, dörederis.

Eziz Arkadagymyzyň biz ýaşlara okamak, döretmek, döwrümize, il-günümize wepaly, gerekli şahsyýetler bolup ýetişmegimiz üçin beren gymmatly öwüt-nesihatlary, döwletli maslahatlary üçin köp sagbolsun aýdýarys.  Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan beýik maksatly belent tutumlarynyň dowamaty dowam bolsun!

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň eýesi.