Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Köňülleri buýsandyrýan taryhy waka
  28.12.2022
739
Köňülleri buýsandyrýan taryhy waka

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň şäherlerini, obalaryny, şäherçelerini, etraplardaky şäherlerini we etrap merkezlerini ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. «Arkadag» adyny alan Ahal welaýatynyň täze merkezinde gurulýan desgalaryň hatarynda döwrebap bilim ojaklarynyň — çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň bolmagy, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesiller hakynda edilýän aladalaryň durmuş ýüzündäki aýdyň beýanydyr.

24-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda bolup, Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy, iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanşyp, olaryň gurluşygyna başlamaga ak pata bermegi, bu işde häzirki zamanyň ösen dünýä tejribesiniň ulanylmalydygyny, şunda ýaşlaryň täzeçil pikirleriniň işjeň peýdalanylmagynyň möhümdigini bellemegi uly ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz täze şäheriň il-ulusyň teklibi esasynda «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagyny halkymyzyň özüne bildiren ýokary ynamy hökmünde kabul edendigini belläp, minnetdarlygyny bildirmek bilen: «Halkymyň ynamy bolsa meniň üçin ähli zatdan ýokardadyr, belentdir we mukaddesdir. Bu beýik ynam meni ýene-de köp işleri bitirmäge borçly edýär» diýip belledi. Döwrümiziň ägirt uly tutumlary, beýik işleri şu belent ynamdan gözbaş alýar. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.