logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Köňülleri nurlandyrýan baýram
  10.04.2024
554
Köňülleri nurlandyrýan baýram

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Oraza baýramynyň mazmunynda we dessurlarynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyn-da baý durmuş tejribesi esasynda kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilip gelinýän hem-de mynasyp dowam etdirilýän belent ynsanperwer ýörelgelerimiz, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz jemlenendir. Şoňa görä-de, Oraza baýramy agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar» diýip, belleýär. Şundan görnüşi ýaly, Oraza baýramy türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýedir.


 

Bu gün ir säher bilen metjitlerde Baýram namazy okalyp, ýagşydan-ýagşy doga-dilegler edildi. Ýüzüni mukaddes Käbä tutup, kalbyndaky gowy niýetleri ýakynlaryna we halk köpçüligine gönükdiren her bir adam ellerini ýüzlerine sylyp, dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde wysal bolmagyny arzuw etdiler. Jemagatyň başynyň jem bolup, şeýle doga-dilegler etmegi halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini hem jebisligini ýene-de bir gezek subut etdi.

 

 

Oraza baýramynyň şanyna şahandaz ilimizde toý sadakalary berlip, baýramçylyk köňülleri nurlandyrýar. Şonuň üçin hem bu baýram ynsanlarda ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýeleýär, birek-birege hoşniýetli garaýyşlary artdyrýar. Halkymyzyň ruhy päkliginden, adamzadyň birek-birege bolan sylag-sarpasyndan, ulynyň kiçä, kiçiniň ula bolan hormatyndan, gadyr-gymmatyndan gözbaş alyp gaýdýan mukaddes Oraza baýramy ruhy gymmatlyklary özünde jemleýär.


 

Ine, bu gün bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz Oraza baýramyny agzybirlikde belleýär. Bu ajaýyp baýramyň baý öwüşginli dabaralary ildeşlerimiziň kalbyna egsilmez şatlyk, ylham we joşgun paýlaýar.


 

Goý, halkymyzyň dünýä nusgalyk däp-dessurlaryna, medeni gymmatlyklaryna aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik maksatly tutumlary rowaç alsyn!

 

Myratgylyç PAÝRANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.