Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen diliniň arassalygyny saklamak her bir dili göteriji adam üçin wajypdyr ✦ ✦ Dil – halkyň ruhy keşbiniň aýnasydyr ✦ ✦ Türkmen bedewi milli buýsanjymyzyň nyşany ✦ ✦ Türkmen diliniň sözlük düzümini baýlaşdyrmak ✦ ✦ TDEI-de täze ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Edebiýat durmuşyň çeper hakykatydyr ✦ ✦ Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Halkara Žautykow olimpiadasynda üstünlik gazandy ✦ ✦ Türkmenistanyň energetika ulgamy: durnukly ösüşiň binýady ✦ ✦ Ahal welaýatynda çagalaryň gatnaşmagynda sport çäresi geçirildi ✦ ✦ Türkmen we ermeni kärhanalarynyň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Köp kitap okamaga kömek edýän endikler
  21.04.2022
1135
Köp kitap okamaga kömek edýän endikler

Köp sahypaly kitaplary okamaklyk makalalary ýa-da sosial media ýazgylaryny okamakdan has kyn. Olara köplenç ýetmezçilik edýän sabyr we üns gerek. Okalmadyk kitaplaryň sanawyny azaltmaga kömek etjek 7 endigi ösdürmegiňizi maslahat berýäris. 1-nji endik: Kitaby bir gapdala goýup, täze birine başlamakda özüňizi günäkär duýmaň. Ýeterlik kitap okamazlygyňyzyň bir sebäbi, başlaýan käbir kitaplaryňyzy hakykatdan hem halamandygyňyzdyr. Şol sebäpden hem kitap size peýdasy degmeýän bir zady okamaga mejbur etmeli däl. 2-nji endik: Okamak isleýän kitaplaryňyzyň sanawyny dörediň. Muny Kindle ýa-da eReader-de edip bolýar. Ýa-da “Goodreads” web sahypasyny hem ulanyp bilersiňiz. Şol ýerde meşhur kitaplaryň sanawy we dürli mowzuklarda edebiýatyň bahalary bilen tanşyp bilersiňiz. 3-nji endik: Has köp sesli kitaplary diňläň. Bu size has köp kitaba düşünmäge kömek eder. 4-nji endik: Has aňsat bir zat etmek islegine garşy duruň. Kitap üçin aýran wagtyňyz birden “Facebook” ýa-da “Instagram” sahypalary ýaly sosial media tarapyndan ele alynýar.Munuň ýüze çykmazlygy üçin, okaýarkaňyz telefony özüňizden daşlaşdyryň. 5-nji endik: Okamak üçin wagty ýatmazdan 30 minut öň goýuň. Bu endik size has köp kitap okamaga mümkinçilik berer. Her gije 25 sahypa okasaňyz, ýylyň ahyryna çenli ýene 30 kitap okalýar. Ýene bir endik, gije sesli kitaplary diňlemekdir. 6-njy endik: Sosial mediany smartfonyňyzdan aýyryň we kitap programmalaryny ýükläň.Mesele telefonlarda gaty köp ünsi çekýän programmalaryň bolmagyndadyr. Mundan başga-da, kitaplar elmydama eliňde bolsa, olary okamak has amatlydyr. 7-nji endik: Kitaplary başgalara maslahat beriň. Käbir kitaby halaýan bolsaňyz, dostlaryňyz bilen paýlaşyň. Şeýle etmek bilen, diňe bir başgalara kömek etmän, eýsem beýlekilerden okamaga mynasyp kitaplar barada maslahat almagyňyz hem ähtimal. Şeýlelik bilen, birek-birege kömek edip, okaýan gyzykly kitaplaryňyzyň sanyny artdyryp bilersiňiz.

Çaryguly JAMMAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy