logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi
  03.06.2022
1220
Köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi

Şu gün ir säher bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Paýtagtymyzda geçirilen ýörişe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.  

Welosipedli ýöriş Aşgabat şäheriniň «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga alyp,  Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen Ruhyýet köşgüniň deňindäki pellehana çenli dowam etdi. Tigirli ýörişiň başlanýan ýerinde medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly, sport görkezme çykyşlary ýerine ýetirildi.