logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Köpelýän, ulalýan we hereket edýän daşlar
  16.01.2023
1185
Köpelýän, ulalýan we hereket edýän daşlar

Janly ýa-da ýaşaýan daşlar diýlip atlandyrylýan «trovante» daşlar, Rumyniýanyň paýtagty Buharestden 80 km günbatarda, Kosteşti atly kiçijik rumyn obasynda ýerleşýär.

Bu täsin daşlar müňlerçe ýyllaryň dowamynda takmynan 5 santimetr ulaldy. «Trovante» daşlary ösümlik we süýdemdirijileriň durmuşyna meňzeýän özboluşly mineral gurluşlara eýedir. Bu daşlar ösümlik dokumasy ýaly ösýär we süýdemdirijiler ýaly köpelýär.

Rumyniýanyň geologiýa instituty, bu daşlaryň hersiniň dürli ýaşlarynyň bardygyny, tebigy ygallaryň hasabyna wagtyň geçmegi bilen ösýändigini belleýär.

Beýleki tarapdan, «trovante» daşlary düzümindäki minerallaryň hasabyna täsirleşme geçirip köpelýärler. Daşlar kesilende gatlaklar ýüze çykýar we olaryň her biri aýratynlykda ösmäge başlaýar.

«Trovante» daşlary ylmy taýdan janly bolmasalar-da, ýerli ýaşaýjylar we syýahatçylar wagtyň geçmegi bilen üýtgeýänligi sebäpli olary janly daşlar diýip häsiýetlendirýärler. Beýleki tarapdan, Kosteşti obasy «trovante» daşlarynyň bar bolan ýeke-täk ýeri däl. Bu daşlara Rumyniýanyň Karpat sebitinde hem duşmak bolýar.

Köpelýän, ulalýan we hereket edýän daşlar diňe Rumyniýada bar. Şol sebäpli hem bu daşlar 2004-nji ýylda ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi we häzirki wagtda goralýar. 

 

Röwşen SULTANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.