logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Koreý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna gatnaşar
  28.03.2024
862
Koreý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna gatnaşar

27-nji martda Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş iş dolandyryjysy kabul etdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we hususan-da ýangyç-energetika pudagynda amala aşyryljak özara bähbitli taslamalar boýunça pikir alşyldy.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmek boýunça bilelikde iş alyp barmak hem-de ýurdumyzda koreý dilini ýaşlara öwretmek boýunça okuw merkezini açmak bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi. Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly meýilnamalarynyň bardygyny nazara alanyňda, hyzmatdaşlyklayr ösdürmekde täze mümkinçilikleriň döreýändigini nygtady.

 

Koreý işewüri özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistandaky taslamlara gatnaşmaga taýýardygyny belledi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň teklipleriniň doly goldanylýandygyny belläp, degişli ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.

 

Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş iş dolandyryjysy Türkmenistanyň çäginde bar bolan ýangyç we himiýa serişdeleriniň gaýtadan işlemek üçin ýaramlylyk derejeisniň ýokarydygyny aýratyn belledi.

 

Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş iş dolandyryjysy Türkmenistana özüniň ilkinji saparyny amala aşyrýar.

 

Koreý kompaniýasy Türkmenistanda 2010-nji ýyldan bäri jemi 6 sany giň gerimli taslamalary amala aşyrdy.

 

Arslan DERÝAGELDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 
Energetika we inženerçilik desgalary 
fakultetiniň talyby.