logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /KÖRPE NESILE DÖWREBAP TERBIÝE
  15.03.2020
915
KÖRPE NESILE DÖWREBAP TERBIÝE

       “Çaga eziz-edebi ondan hem eziz” diýip pederlerimiziň aýdan pähim-paýhasly sözlerine Tejen şäheriniň mekdebe çenli çagalar baglarynyň işgärleri iňňän uly ähmiýet berýärler. Şonuň üçin hem olar körpe nesili döwrebap terbiýe-Watana wepaly bolup ýetişmegi ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Bu günki gün olar çagalar bagyndaky lingafon, kompýuter enjamlary we aýdym saz gurallary, dürli görnüşdäki oýnawaçlar, sport otaglary çagalaryň sagdyn bedenli we ruhybelent bolmagyna gowy täsir edýär. Muňa bolsa çagalar edaralarynyň işgärleri uly üns berýärler. Ýurdumyzyň körpe nesiller üçin edýän aladalaryna mynasyp işleri bilen jogap berýärler. Bu işde şäherdäki 13-nji, 14-nji we 15-nji çagalar baglarynyň işgärleri nusga alarlykly işleri bitirýärler.