logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Kosmos hapalary 2026-njy ýyldan arassalanyp başlar!
  16.05.2023
600
Kosmos hapalary 2026-njy ýyldan arassalanyp başlar!

Şweýsariýanyň «ClearSpace» kompaniýasy kosmos galyndylaryny arassalamak boýunça synaglaryna 2026-njy ýylda başlajakdygyny mälim etdi.

Soňky ýyllarda kosmos galyndylary çözmesi kyn meselä öwrüldi. Häzirki wagtda kosmosda takmynan 2000 aktiw hemra bar, emma kosmosda 3000 töweregi emeli hemra häzirki wagtda hiç-hili ulanylmaýar. Mundan başga-da, bu emeli hemralara 15 müň bölek we 150 müň dolandyryp bolmaýan galyndylar hem goşulýar.

Ýakyn ýyllarda bu emeli hemralaryň sany giň gerime eýe bolmak bilen telekommunikasiýa we gözegçilik hyzmatlaryny bermek üçin has-da köpeler.

Maksady kosmos hapalaryny ýygnamak we munuň üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan «Clearspace-1» emeli hemrasy 2026-njy ýylda Şweýsariýanyň «ClearSpace» kompaniýasy tarapyndan kosmosa iberiler.

Uçuryljak kosmos gämisi robot gollary bilen zibil ýygnap, Ýeriň atmosferasyna ýerleşdirer we ýanmagyna sebäp bolar. Şeýle-de bolsa, bu meseläni müňlerçe zibil bilen kosmos gurşawynda ýerine ýetirmek, görnüşi ýaly aňsat bolmaz.

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.