Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Köw-Ata
  15.05.2023
1016
Köw-Ata

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Köw-Ata ýe­ras­ty kö­li gözel­li­gi, öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len haý­ran gal­dyrýan tä­sin ýer­le­riň bi­ri­dir. Köw-Ata go­wa­gyna gi­rip, bas­gan­çak­lar­dan aşak düş­ýär­käň, ulu­ly-ki­çi­li go­wak­la­ry gör­ýär­siň. Go­wa­gyň umu­my meý­da­ny 6 müň ine­dör­dül metr bolup, go­wa­gyň ag­zyn­dan su­wa çen­li ara­lyk 254 metr, go­wa­gyň ini­niň iň giň ýe­ri 70-75 metr we go­wa­gyň içi­niň iň be­ýik ýe­ri 5560 met­re ba­ra­bar. Go­wa­gyň ag­zyn­dan suwa çen­li ýap­gyt be­ton dü­şe­len ýol­ja­gaz­lar bi­len bir­lik­de je­mi 252 sa­ny bas­gan­çak­lar gur­lup­dyr. Go­wa­gyň düý­bün­dä­ki köl go­wagyň ag­zy­nyň de­re­je­sin­den 50 metr pes­lik­de ýer­leş­ýär.

Gowagyň girelgesinde ýokardan düşýän tebigy ýagtylyk 50-60 metr töwerege düşýär we ondan aňry çep tarapyňdan aýaklaryňy basjak ýerleriňe yşyk düşer ýaly elektrik çyralar goýlupdyr. Bu ýerdäki kepderilerdir gögerçinler hem diňe tebigy ýagtylygyň düşýän ýerlerinde höwürtgeleýärler. Aşaklygyna 200-210 metr töweregi ýol geçeňde, sag tarapda suwa düşjekler üçin, eşik çalşyrylýan ýerler taýýarlanylypdyr. Soňra köle golaý baranyňda, suwdan 1520 metr belentlikde köli synlar ýaly ýörite öňi germewli meýdança gurlupdyr. Gowagyň düýbündäki suw iki kölden ybarat bolup, birinji köli ulurak, boýy 65-70 metre, ini 35-40 metre barabar, bu kölüň iň çuň ýeri 14 metre ýetýär. Suwa düşýänleriň çuň ýerlere barmazlygy üçin birinji kölüň deň ýarysyna çenli bölegi yşyklandyrylan. Ikinji köli, birinjiden aňry tarapda bolup, boýy 45-50 metre, ini 35-40 metre ýetýär.

Halk lukmançylygynda bu kölüň suwuny melhem hökmünde ulanýarlar. Deri keselleriniň birnäçe görnüşlerinde 40-45 minutdan aýry-aýry wagtlarda, 6-7 gezek suwa girseň, deridäki ýaralaryň guramagyna oňaýly täsir edýär. Dyzagyra, bilagyra, guragyra derrew nepi degýär. Bu suw nerw ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrýar. Kölüň derejesinden has aşakda bolanlygyna garamazdan, esasy aýratynlygy — bir gije-gündiziň dowamynda suwunyň birnäçe gezek çalşylyp, arassalanyp durýanlygydyr.

Köw-Ata ýerasty köli ýurdumyzyň syýahatçylygynda täsin ýerleriň biri hasaplanylýar. Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, syýahatçylyk ähmiýetli tebigy gözellikleri aýawly saklamak möhüm işleriň biridir.

 

Şasenem AGABAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby
.