logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Kras Logistics» kompaniýasynyň Türkmenistanda şahamçasy açylar!
  06.05.2023
986
«Kras Logistics» kompaniýasynyň Türkmenistanda şahamçasy açylar!

Germaniýanyň «Kras Logistics» kompaniýasynyň baş direktory Genrih Waal Aşgabatda logistiki kompaniýanyň şahamçasynyň açylýandygyny mälim etdi. «ITTC — 2023» maslahatynda Genrih Waal «Wekilhana yklymlaýyn ýük daşamalarynyň mümkinçiligini açyp biler» – diýip, belläp geçdi.
«Kras Logistics» - «Türkmenhowaýollary»-nyň baş ýük daşaýjy agentidir, ol Türkmenistandan Germaniýa gidýän uçuşlara hyzmat edýär.
Kompaniýasynyň baş direktory: «Harytlary Türkmenistana getirip bermek üçin biziň logistikamyz işleriň hilini ýokarlandyrmak we ýükleri daşamagyň möhletini we bahasyny azaltmak üçin bar bolan ähli serişdeleriň ulanylmagyny göz öňünde tutýar» - diýip, belläp geçdi. Şeýle hem myhman «Kras Logistics» we «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň hyzmatdaşlygy giňeltmegiň üstünde, şol sanda ugurlaryň sanyny köpeltmegiň üstünde işleýändiklerini sözüniň üstüne goşdy. Bu jähtde nemes kompaniýsy bilen türkmen howa gatnadyjysynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilik bardyr.
Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda «Kras Logistics» kompaniýasynyň Dubaýda, Parižde, Londonda we Moskwada öz şahamçalary bar. Kompaniýanyň düýp edarasy Maýn boýundaky Frankfurtda ýerleşýär, ol işleri we uçuşlara hyzmat etmegiň howpsuzlygyny anyk utgaşdyrýar. 

 

Oguljennet KEMJAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.