logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Krasnoýarsk sebiti Türkmenistandan käşir import edýär
  09.11.2022
1228
Krasnoýarsk sebiti Türkmenistandan käşir import edýär

Russiýanyň Krasnoýarsk sebiti Türkmenistanda öndürilen käşiri import etdi. Golaýda sebitiň gümrük serhedine ýurdumyzda öndürilen käşir ýükleri baryp gowuşdy.

Krasnoýarsk sebiti şu ýyl miweleriň we gök önümleriň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9 esse ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 10 aýy üçin Krasnoýarsk gümrük serhedine 149 tapgyr miwe we gök önüm — 2000 tonna töweregi gök önüm we 1000 tonnadan gowrak miwe gelip gowuşdy.

Sebite gowuşýan miweleriň köpüsi Özbegistandan, käşir ýükleri Türkmenistandan, sogan bolsa Niderlandlardan eltilýär. Mundan başga-da, gümrük serhedine gelýän ýükleriň arasynda şetdaly, alça, üzüm, garpyz, gawun, alma, armyt, erik, injir, pomidor, badamjan, kelem we beýleki miweler we gök önümler hem bar.