logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Culture /Külalçylyk sungatynda halypa şägirtlik ýoly
  16.09.2025
1673
Külalçylyk sungatynda halypa şägirtlik ýoly

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň  16-njy sentýabrynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň giň zalynda milli senetçilik sungatynyň görnüşi bolan külalçylyk sungaty barada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Gülara Babaýewa we şägirtleri bilen «Dünýä gözelliklerini zenanlar wasp edende» atly keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijilik sergisi açyldy.


Bu sergä çeperçilik akademiýasynyň mugallym we talyplary, muzeý hünärmenleri hem-de myhmanlar gatnaşdylar. Sergide külalçylyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Küýze önümlerinde türkmen durmuşynyň gözelligini, milli aýratyn özboluşlylygyny, reňkleriň şekillerde sazlaşygy ussatlyk bilen görkezilipdir. Mugallym Gülara Babaýewanyň hem-de keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijilik eserleriniň sergisini gurnamagynyň maksady, milli gymmatlyklarymyz bolan külalçylyk sungatynyň çeper aýratynlygyny wasp etmek hem-de amaly-haşam sungatynyň inçe tilsimlerini barada tomaşaçylarda täsir galdyrmak bolup durýar. Türkmeniň geçmiş taryhynda küýzeler oturymly obalarda, çarwaçylykda giňden ulanylypdyr. Uzak ýola ugran kerwenler üçin bolsa ol ygtybarly gap hökmünde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Häzirki wagtda hem küýze önümleri öý hojalyklarynda bezeg hökmünde giňden peýdalanylýar.


Küýzeleriň ýüzündäki syrçalar milli öwüşginde ýalpyldap, biri-birine öwüşgin atýar. Dürli toýundan taýýarlanan önümlerde türkmen halkyna mahsus milli nagyşlar sazlaşýar. Ýalpak tabaklarda ak, gök, sary reňkler agdyklyk edýär. Küýze önümlerinde gadymy ýadygärliklerimiziň şekilleri, gülleriň, guşlaryň, şeýle hem haýwanlaryň şekilleri bar.


Mugallym Gülara Babaýewa sergä gelen myhmanlara häzirki wagtda öz külal önümlerini ýasamak üçin ulanýan esbaplary we toýun palçygy nireden alynýandygyny we nähili şertlerde ýasalýandygy barada gyzykly gürrüňleri berdi. Mugallym öz hünärini içgin söýüp, geljekde külalçylyk sungatynyň çeper aýratynlygyny, ýasalyş usulyny ýaş talyplara öwredip, halypa şägirtlik ýoluny dowam  etjekdigini aýtdy.


Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde mugallym Gülara Babaýewa we keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijilik sergisi muzeý gymmatlyklary bilen utgaşyp, çäräniň täsirliligini has hem artdyrdy.

Tawus GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri