logo

Latest news:
✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Küşt — paýhasy ösdürýän sport ✦ ✦ “Agro Pack Turkmenistan — 2026” halkara sergisi öz işine başlady ✦ ✦ Çaga terbiýesi - geljegiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦
Home / Sports /Küşt — paýhasy ösdürýän sport
  13.05.2026
11
Küşt — paýhasy ösdürýän sport

Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesidir. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

 

Sportuň dürli görnüşleri bilen birlikde, küşt oýnuna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň küşt we şaşka mekdeplerinde ýaş türgenler tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda taýýarlanýarlar we halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler.

 

Küşt diňe bir sport däl, eýsem, pikirlenmegi, sabyrlylygy we strategiki ukyby ösdürýän paýhas oýnudyr. Ol ýaşlarda ýatkeşligi, ünsli bolmagy, giň gözýetimi we adamkärçilik häsiýetlerini kemala getirmäge ýardam edýär.

 

Her ýylyň 20-nji iýulynda dünýäde Halkara küşt güni bellenilýär. Bu sene 1924-nji ýylda döredilen FIDE — Bütindünýä Küşt Federasiýasynyň döredilmegi bilen baglydyr. 1966-njy ýyldan bäri bu baýram her ýyl giňden bellenilýär. Häzirki wagtda dünýä küştiniň iň güýçli wekilleriniň biri hökmünde Gukesh Dommaraju tanalýar.

 

Küşt oýnunyň taryhy müňlerçe ýyllara uzap gidýär. Alymlaryň pikirine görä, onuň ilkinji görnüşleri gadymy Hindistanda ýüze çykyp, soňra Aziýanyň beýleki ýurtlaryna we Ýewropa ýaýrady. Wagtyň geçmegi bilen oýnuň düzgünleri kämilleşip, häzirki zaman görnüşine eýe boldy.

 

Häzirki wagtda küşt dünýäniň iň meşhur intellektual sportlarynyň biri bolup, ýaşyna we jynsyna garamazdan, hemmeler üçin açykdyr. Türkmenistanda bu oýna döredilýän şertler ýaş nesliň zehinini ösdürmäge, ýurdumyza halkara üstünlikleri getirmäge giň mümkinçilik döredýär.

 

Ilmyrat Amanow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.