logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /«Küştdepdi» – aýdym aýtmagyň we tans etmegiň türkmen milli sungaty
  25.02.2023
2410
«Küştdepdi» – aýdym aýtmagyň we tans etmegiň türkmen milli sungaty

Bagtyýar zamanamyzda türkmen medeniýeti, sungaty, milli mirasy gülleýär hem ösýär, dünýä ýüzüne çykýar. Döwletimizde alnyp barylýan medeni diplomatiýa Türkmenistan ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek, milli medeni gymmatlyklary wagyz etmek medeni-ynsanperwer diplomatiýanyň tejribesinde möhüm gurallar hökmünde çykyş edýär. Milli medeniýetimizi şöhlelendirýän «Küştdepdi» – bu gadymy türkmen tansy we aýdymy bolup, ol halk içinde dabaraly toýlarymyzyň aýratyn bezegidir. Küştdepdi halk döredijiliginiň köpöwüşginli nusgasy bolmak bilen, milletiň taryhy-medeni taraplaryny, däp-dessurlaryny we ruhyýetini, jemgyýetiň sazlaşygyny alamatlandyrýar. Geçmiş taryhymyzyň milli ýörelgelerini bilen häzirki zamanyň döredijilik sazlaşygyny özünde jemleýän bu milli sungat tutuş dünýä ýüzünde meşhurlyga eýedir. Milli baýramlarymyzyň ýaraşygy bolan «Küştdepdi» tansy gadymyýetiň dowamynda taraşlanan özboluşly hereketleri özünde jemleýär. Durmuş heňňamynyň ebediligi, bagtyýar döwrüň belent ruhy, täze galkynyşyň bedew bady bu ajaýyp tansyň dili bilen beýan edilýär. Aýdym aýtmagyň we tans etmegiň «Küştdepdi» türkmen milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýerine düşen asylly çözgütdir. «Küştdepdi» milli sungatynyň sanawa girizilmegi baradaky hödürnama 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilip, ol ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna biragyzdan girizildi. Bu asylly çözgüt umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, merdana türkmen halkynyň milli medeniýetiniň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr. Milli mirasymyzyň dünýä çykmagy, ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilmegi babatda möhüm başlangyçlary öňe sürýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys! 

 

Gülöwser KURBANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.