logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /“Kyrk gyz gowagy”
  08.09.2021
4594
“Kyrk gyz gowagy”

Türkmenistan taryhy ýadigärlikleriň we syýahatçylyk merkezleriniň köplügi bilen dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekmegi başaran ýurtdyr. “Gudrat görseň daglara bar!”  diýlişi ýaly Türkmenistanyň çäginde hem Köpetdag, Köýtendag, Uly we kiçi Balkan daglary ýerleşip, bu daglarda näçe diýseň täsinlikler ýeterlik. Şol täsinlikleriň biri hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Sünçe obasynyň gabadynda, “Aşgabat-Türkmenbaşy” gara ýolundan 7850 metr günorta tarapda, Köpetdagyň gözel jülgesinde ýerleşen “Kyrk gyz” gowagydyr. Bu ýer özüniň gözel tebigaty we arassa howasy bilen görenleri haýrana goýýar. Bu syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň hem yzygiderli gelýän ýerine öwrüldi. Ol ýerde syýahatçylary özüne çekýän şarlawuk, kyrk gyz gowagy, arassa howasy we özboluşly owadan tebigaty bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.