logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Laboratoriýada öndürilen gan ilkinji gezek adamlara goýberildi
  08.11.2022
1229
Laboratoriýada öndürilen gan ilkinji gezek adamlara goýberildi

Laboratoriýada döredilen gyzyl gan öýjükleri, öýjük bilen baglanyşykly näsaglara we  gan ýetmezçilik edýän näsaglara bejergi üçin synag hökmünde goýberildi. Lukmanlar labaratoriýada öndürilen ganyň näsaglara kömek edip biljekdigini öňe sürýärler. Bu gan öýjükleri donorlaryň kök öýjüklerinden ösdürilip ýetişdirildi. Synag hökmünde ilkinji gezek adamlara goýberilen laboratoriýada öndürilen gan häzirki wagtda gowy netijäni berýär.

Alymlar laboratoriýada öndürilen ganyň birnäçe artykmaçlygynyň bardygyny belleýärler. Ýagny bu gan öýjükleri, adaty donor ganyndan ýokary bolýar. Şeýle-de seýrek duşýan gan görnüşi bolan adamlar üçin uly peýdasy bar.

Gözlegçiler gyzyl gan öýjükleriniň ömrüniň takmynan 120 gündigini we laboratoriýada öndürilen ganyň bolsa has uzak ömrüniň bardygyny belleýärler.