logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /«Laçyn» iň gowy çykyş eden folklor topary bolmagy başardy
  19.05.2023
700
«Laçyn» iň gowy çykyş eden folklor topary bolmagy başardy

Golaýda, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan, Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde «Harybülbül» halkara aýdym-saz festiwaly guraldy. Festiwala Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Wengriýadan, Moldowadan, Özbegistandan, Russiýadan we Türkiýeden döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Festiwala biziň ýurdumyzdan «Laçyn» folklor topary, aýdymçylar Öwezgeldi Amanow, Bahargül Ezizowa, Myrat Aşyrow, Mansur Şaripow gatnaşyp, milli aýdym-saz sungatymyzy köpçülige ýaýdylar. Ýaňlanan şirin mukamlar, ýerine ýetirilen tanslar bu ýere ýygnanan özge ýurtlaryň sungat ussatlarynyň, hususan-da, doganlyk azerbaýjan halkynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. «Köne güzer» «Ogulbeg», «Maral geldi» ýaly, biri-birinden şirin, belent heňdäki türkmen halk aýdymlary festiwala gatnaşyjylara ruhy joşgun paýlady.

Festiwal üstünliklere beslenip tamamlandy. Döredijilik toparymyzyň çykyşlaryna emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi. «Laçyn» iň gowy çykyş eden folklor topary bolmagy başardy we festiwalyň ýörite diplomyna mynasyp boldy. Mundan başga-da Maýsagül Eminowa, Öwezgeldi Amanow, Bahargül Ezizowa dagy dabara işjeň gatnaşyp, sahnada görkezen ussatlygy üçin diplomlar bilen sylaglandy.