logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Lebabyň sement zawody 1 million tonna sement öndürmegi maksat edinýär
  30.01.2023
1431
Lebabyň sement zawody 1 million tonna sement öndürmegi maksat edinýär

Kuwwatly enjamlaryň yzygiderli täzelenip, önümçilik mukdarynyň durnukly saklanylmagy netijesinde Lebap sement zawodynda işler barha ilerleýär. Muny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji aýynda bu kuwwatly kärhanadaky önümçiligiň depgini hem tassyklaýar.

Ýokary depgin öz gözbaşyny geçen ýyldaky üstünlikden alyp gaýdýar. Köýtendagy etekläp oturan zawodda geçen ýyl öndürilen sementiň mukdary 1 million tonnadan hem geçdi. Bu bolsa onuň öňküden 100 müň tonnadan hem kändigini görkezýär.

1 million tonna önümçilik — 2023-nji ýylda hem esasy maksat! Eýýäm ýylyň ilkinji aýyndaky depgin zawodyň hünärmenleriniň öz öňlerinde goýan maksadyna ýetjekdigini görkezýär. Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän sementiň agramly bölegi içerki hajatlar üçin peýdalanylýar. Bu bolsa gurluşyk işleriniň özüne düşýän bahasyny ep-esli arzanladýar.