logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Lebap welaýat kitaphanasyna täze kitaplaryň 3500-den gowragy eltildi
  20.01.2023
1542
Lebap welaýat kitaphanasyna täze kitaplaryň 3500-den gowragy eltildi

Badalga alan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde Lebap welaýat kitaphanasyna täze kitaplaryň 3500-den gowrak ekzemplýary gelip gowuşdy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen kitaplar many-mazmuny we bezeg aýratynlyklary bilen okyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Täze gelip gowşan kitaplaryň hatarynda «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» atly eseriň ХIV jilti, «Ynsanperwerligiň ündewçisi» atly çeper-publisistik kitaplar bar. Şonuň ýaly-da kitapsöýüjilere çeper eserleriň hem giň toplumy hödürlenilýär. Şolardan Akynazar Agaýewiň «Iki dünýäm serweri», Nartäç Ýusupdurdyýewanyň «Çemenli sähranyň mukamy», Altyn Baýramdurdyýewanyň «Daragt» atly kitaplary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Täze gelip gowşan kitaplaryň belli bir bölegi etrap, şäher merkezi kitaphanalaryna we olaryň şahamçalaryna paýlanylyp berildi.