logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Lebap welaýaty ýeralmadan we käşirden bol hasyl aldy
  21.11.2022
1062
Lebap welaýaty ýeralmadan we käşirden bol hasyl aldy

Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary şu ýylyň 10 aýynda 900 gektar ýere ekilen güýzlük ýeralmadan 12 müň tonnadan gowrak, 475 gektar ýere ekilen käşirden 9 müňe tonna golaý hasyl alyp, meýilnamany artygy bilen berjaý etmegi başardylar. Şeýle-de welaýatda mäş hem noýba ekilip, bol hasyl ýygnaldy.

Welaýatda ýokary netijeleriň gazanylmagyna Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki etraplarynyň gök ekerançylary uly goşant goşýarlar.

Taýýarlanan önümleriň köp bölegi dükanlara we bazarlara, galan bölegi ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlara iberilýär. Munuň özi ýylyň bütin dowamynda ilaty ter we ýokumly gök-bakja, miwe önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.