logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Lebap welaýatynda 439 sany bankomat ilata gije-gündiz hyzmat edýär!
  27.02.2023
1071
Lebap welaýatynda 439 sany bankomat ilata gije-gündiz hyzmat edýär!

Bank işiniň kämilleşmegi, şeýle hem nagt däl hasaplaşygyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen önümçiligiň maliýe üpjünçiligi, ilata töleg-hasaplaşyklary, karzlary, depozit we beýleki hyzmatlary amala aşyrmagyň usullary hem has ýeňilleşýär. Işleriň hil taýdan täze, has ýokary derejä göterilmegi kartlar boýunça hyzmatyň hiline hem oňyn täsirini ýetirýär.

Bank kartlary gije-gündiziň dowamynda müşderiniň islän wagty bankdaky hasabynda duran serişdesini ulanmaga mümkinçiligi döredýär. Lebap welaýatynyň çäginde hem ilat şu günlerde bankomatlaryň 439-synyň hyzmatyndan peýdalanylýar. Şolaryň 128-si Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryna hyzmat edýär. Hyzmatlaryň dürli görnüşiniň internet ulgamyna birikdirilmegi bilen ykjam telefonlar arkaly tölegleriň hem gerimi has giňeldi.