logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Lebap welaýatynda dokuz aýda 182,5 million sany ýumurtga öndürildi
  27.10.2022
868
Lebap welaýatynda dokuz aýda 182,5 million sany ýumurtga öndürildi

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň ähli hojalyklary boýunça üstümizdäki ýylyň geçen döwründe idedilýän guşlaryň sany 4 million 175,7 müňe barabar boldy. Bu bolsa 2021-nji ýylyň deňeşdirilýän döwründäkiden guşlaryň baş sanynyň 0,5 göterim artandygyny görkezýär.

Şeýle hem geçen dokuz aýda ýumurtganyň 182,5 million sanysynyň öndürilmegi üpjün edildi. Bu görkeziji hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden artykdyr (0,6 göterim). Berhizlik önümi öndürmekde Halaç etrabynyň guşçulary has yhlaslylyk görkezýärler. Olar tarapyndan hasabat döwründe bu önümiň 31,4 million sanysy öndürildi. Möhüm meselede Çärjew, Dänew we Saýat etraplarynyň hojalyklarynda önjeýli işler bitirilýär. Ýylyň geçen dokuz aýynda Hojambaz etrabynda düýpli ilerlemeler bolup geçdi. Etrap boýunça ýumurtganyň 13,5 million sanysy öndürilip, geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 5,5 göterim ösüş gazanyldy. Bu bolsa welaýatda iň ýokary görkezijidir.