logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Lebap welaýatynyň ilatyna döwrebap awtoulaglaryň 200-e golaýy sowgat edildi
  14.03.2024
488
Lebap welaýatynyň ilatyna döwrebap awtoulaglaryň 200-e golaýy sowgat edildi

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine döwrebap ýolagçy gatnadýan awtobuslaryň 200-e golaýy Hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat edildi. 2023-nji ýylda Ýaponiýada öndürilen «Toyota Coaster» kysymly 28 ýolagça niýetlenen awtoulaglaryň 170 sanysy hem-de 2023-nji ýylda öndürilen 13 ýolagça niýetlenen «Toyota Hiace» kysymly awtoulaglaryň 20 sanysy sowgat hökmünde gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

 

 

Täze ýolagçy awtoulaglar şäherýaka ilatly nokatlara we etraplardan Türkmenabat şäherine gelýän ýolagçylara hyzmat eder. Lebap welaýatynyň ilatyna gelip gowşan bu täze awtoulaglar raýatlardan, edara kärhanalardan gelen buýurmalar esasynda hereketini amala aşyrar.

 

 

Bu şatlykly wakany milli däplerimize görä kümüş saçly enelermiziň we ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň we şäher ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabara bilen garşy alyndy.

 

Ogulgül HANBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.