logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Lebap welaýatynyň maldarlary gyşa taýýarlyk görýär
  09.11.2022
1023
Lebap welaýatynyň maldarlary gyşa taýýarlyk görýär

Lebap welaýtynyň Saýat etrabyndaky «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynda mallary dok gyşlatmak üçin görelde alarlyk işler alnyp barylýar. Bu hojalykda gyşky möwsüm üçin otdur iýmiň 5 müň 352 tonnasy taýýarlanyldy. Bu bolsa welaýatyň ähli maldarçylyk hojalyklarynda taýýarlanan ot-iýmleriň gylla ýaryna golaýdyr.

«Jeýhun» maldarçylyk hojalygynda häzirki wagtda dowarlaryň 180 müň başa golaýy idedilýär. Maldarlar ýazky we güýzki gyrkym möwsümlerini üstünlikli geçirip, şu günler mallary dok gyşlatmagyň süýji aladalaryna berildiler. Zerur bolan ot-iýmler mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşalyp, kaşarlary we ýyly agyllary abatlamak işleri öz wagtynda talabalaýyk geçirildi.

Belläp geçsek, gündogar welaýatyň ähli maldarçylyk hojalyklarynda ot-iýmleriň 12 müň 595 tonnasy taýýarlanylyp, bu baradaky on aýlyk meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Olaryň 201 tonnasy meýdan otlary, 3 müň 220 tonnasy saman, galanlary bolsa gaty baldakly otlardyr.