logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Lebap welaýtynda merkezi bazar açylyp ulanylmaga berildi
  28.12.2022
671
Lebap welaýtynda merkezi bazar açylyp ulanylmaga berildi

27-nji dekabrda, Lebap welaýatynda, welaýat Alyjylar jemgyýetiniň merkezi bazary açylyp ulanylmaga berildi. Munuň özi baýramçylygyň öň ýanynda welaýatyň ýaşaýjylaryna sowgady boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Mizemez Watan» hususy kärhanasy tarapyndan gurlup ulanylmaga berlen ak bazaryň umumy meýdany 3 gektara barabar bolup, onda dükanlaryň jemi 283-si hereket edýär. Olaryň 157-si azyk önümlerine, 126-sy bolsa senagat harytlaryna niýetlenendir.

Türkmenabat şäherinde gurlan ak bazarda 1584 metre uzap gidýän, azyk önümlerine niýetlenen söwda tekjeleriniň 880-si, dürli görnüşli milli tagamlary taýýarlamak üçin niýetlenen naharhanalaryň 4-si müşderilere hyzmat eder. Täze bazarda senagat harytlarynyň, dokma önümleriniň, haly we haly önümleriniň hem dürli görnüşlerini satyn almak bolýar. Mundan başga-da, daş-töweregi abadanlaşdyrylan döwrebap bazarda awtobuslaryň gatnawy üçin duralgalar we bu ýere gelýän raýatlaryň awtoulaglary üçin ýörite meýdançalar göz öňünde tutulypdyr.