logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde ýokary netijeler gazanylýar
  07.03.2023
1139
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde ýokary netijeler gazanylýar

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri şu ýylyň fewral aýyny has gowy görkezijiler bilen jemlediler. Bu aýda meýilleşdirileninden 1 million 588 müň 800 manatlyk ýük artyk daşaldy, jemi daşalan ýük 6 million 397 müň 80 manatlyga barabar boldy.

Kärhana boýunça ýolagçy gatnadylyşynda hem ýokary görkezijiler gazanyldy. Welaýatymyzyň çäginde hyzmat edýän awtoulaglar arkaly fewral aýynda ýolagçylara 16 million 962 müň 200 manatlyk hyzmat edildi. Bu bolsa hyzmatyň möçberiniň meýilleşdirileninden 3 million 667 müň 200 manatlyk köp bolandygyny görkezýär. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründäki, şeýle hem ýanwar aýyndaky bilen deňeşdirilende has ýokarydyr.