logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Lebaply pileçiler Watan harmanyna 1060 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar!
  16.05.2023
920
Lebaply pileçiler Watan harmanyna 1060 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar!

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ýüpekçileri Watan harmanyna 1010 tonna derek 1060 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdiler.

Welaýat boýunça ýokary zähmet üstünliginiň gazanylmagynda sebitde ilkinjiler bolup döwlet meýilnamasyny artygy bilen amal eden Kerki, Hojambaz, Dänew, Köýtendag hem-de Halaç etraplarynyň ýüpekçileriniň uly paýynyň bardygyny bellemek bolar.

Şu möwsümde welaýatda öz işine ussat, tejribeli ýüpekçileriň 21 müňden gowragy bilen şertnama baglanyşylyp, 25 müň 250 guty ýüpek gurçugy pileçi-kärendeçilere paýlanyp berlipdir. Onuň agramly bölegi bolsa, Çärjew, Saýat hem-de Dänew etraplaryna degişlidir. Möwsümde şu güne çenli welaýatyň Çärjew etrabynyň ýüpekçileriniň 6 müň 526 gap gurçuk tohumyndan 261 tonnadan gowrak, Saýat etrabynyň oba hojalykçylarynyň 4 müň 644 gap gurçuk tohumyndan 186 tonnadan aşyryp, Dänew etrabynyň ýüpekçileriniň hem 3 müň 499 gap gurçuk tohumyndan 140 tonnadan artdyryp pile tabşyrmaklary aýratyn bellärliklidir.