logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Lebaply telekeçi pomidoryň «marwelans» görnüşinden birinji ýygymda 250 tonna pomidor hasylyny aldy
  23.02.2023
951
Lebaply telekeçi pomidoryň «marwelans» görnüşinden birinji ýygymda 250 tonna pomidor hasylyny aldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda uly üstünlikler gazanylýar. Azyklyk önümleri öndürmekde Çärjew etrabyndaky «Bäş nur» daýhan hojalygynyň ýyladyşhanalar toplumynda-da öwgä mynasyp işler alnyp barylýar.

Eýýäm 7 ýyldan gowrak wagt bäri ýyladyşhanasynda ýetişdirýän pomidorlary bilen adygan «Bäş nur» daýhan hojalygynyň ýyladyşhanasynyň işgärleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji aýyny hem ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Has takygy, olar iki ýylyň sepgidinde, ýagny, geçen ýylyň dekabr, şu ýylyň ýanwar aýlarynda her düýp pomidor nahalyndan azyndan 13-15 kilogram, umumylykda birinji ýygymda 250 tonna golaý pomidor hasylyny almagy başardylar. Hasylyň 180 tonnasy eksport edildi. Geljekde başga-da ýyladyşhanalary gurup, olarda gök, miwe we bakja önümleriniň, şeýle-de bezeg gülleriniň täze görnüşlerini ýetişdirmegi maksat edinýän hususyýetçiniň arzuwlary myradyna gowuşsyn!

Belläp geçsek, «Bäş nur» daýhan hojalygy ýyladyşhanada pomidoryň, esasan, «marwelans» görnüşini ekýär. Sebäbi «marwelans» hasyllylygy boýunça pomidoryň beýleki görnüşlerinden tapawutlanýar. Pomidoryň tohumy 12-13 ýylylyk derejesinde gögerip başlaýar. Ýöne oňa ýaramly ýylylyk derejesi 25-30, çyglylyk bolsa 60-65 göterim hasaplanylýar. Pomidor gögerenden soň, ýyladyşhananyň içiniň ýylylygyny kadaly ýagdaýda saklamaly. 

 

Yhlas BAHADYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.