logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Agriculture /Lebaply ýüpekçiler çig malyň 1 müň 10 tonnasyny öndürmegi maksat edinýärler
  31.03.2023
1111
Lebaply ýüpekçiler çig malyň 1 müň 10 tonnasyny öndürmegi maksat edinýärler

Lebaply ýüpekçiler üçin möhüm möwsüm başlandy. Şu möwsümde welaýatyň edermen ýüpekçileri senagat üçin gymmatly çig malyň 1 müň 10 tonnasyny öndürmegi maksat edinýärler.

Mälim bolşy ýaly, ýüpekçilik girdejili pudaklaryň biridir. Aýratyn-da, oba ýaşaýjylary üçin ep-esli goşmaça girdeji getirýän önümçilik bolup durýar.

Häzirki wagtda tutuş welaýat boýunça wagtda tut agaçlary 2,5 müň gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Bu bolsa ýüpek gurçuklarynyň iýmit gorunyň ýeterli bolmagyny üpjün edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýurt boýunça ýygnalmagy meýilleşdirilen piläniň agramly bölegi Lebap welaýatynyň ýüpekçileriniň paýyna düşýär.