logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Health /Limon çigidiniň (tohumynyň) peýdalary
  05.04.2022
1139
Limon çigidiniň (tohumynyň) peýdalary

C witamine örän baý limon, bilşimiz ýaly köp saglyk meseleleri üçin peýdalydyr. Doly bejeriş dükany bolan limon dermanlaryň ýerine tebigy bejeriş usullaryny halaýan adamlar tarapyndan köplenç ulanylýar. Adatça limon şiresi we gabygy tagamlary we işdäaçarlary taýýarlamakda giňden peýdalanylýar. Geçirilen gözlegler limon çigidiniň hem iň bolmanda limonyň özi ýaly peýdalydygyny subut etdi.

Limon tohumynyň peýdalary:

Limon tohumlaryndan tapylan salisil turşusy aspiriniň esasy düzüm böleklerinden biridir.  Şonuň üçin tebigy agyryny aýryjy hökmünde ulanylyp bilner.  Agyry aýryjy serişdelere derek tebigy ýol gözleýän bolsaňyz, limon tohumyny iýip, agyryňyzy ýeňledip bilersiňiz. Güýçli antibakterial häsiýetlere eýe bolan limon tohumy peşew ýollaryny arassalaýar we peşew ýollaryny ýokançlardan goraýar.  Şeýle hem dowamly peşew ýollarynyň ýokançlyklaryna garşy göreşýär. Zäherli ösümlikleriň we haýwanlaryň bedene ýetirýän täsirini aradan aýyrýar.  Munuň üçin ezilen limon tohumyny ejir çekilýän ýere goýmaly.

Limon tohumy beýniniň ösmegine we saglygyna oňyn täsir edýär. Ondaky ýaglar beýniniň işleýşine kömek edýär. Akyl we aň ýadawlygyny peseldýär.  Onda köşeşdiriji we rahatlandyryjy aýratynlyk bar. Iýmit zäherlenmesiniň täsirini aýyrýar we zäheriň bedenden aňsatlyk bilen çykmagyny üpjün edýär.  Içindäki komponentleriň kömegi bilen deridäki düwürtikleri  bejermekde işjeň ulanylýar.  Şeýle hem täze düwürtikleriň döremeginiň öňüni alýar. Yzygiderli iýlende erbet dem almagyň öňüni alýar. Agzadaky zyýanly bakteriýalary ýok edýär.

Limon tohumlaryny nädip ulanmaly?

Limon tohumyny tötänleýin ýuwutmagyň zyýany ýok.  Şeýle-de bolsa, limon tohumyny siňdirmek gaty kyn bolup biler.  Şol sebäpli limon tohumyny maýda owradyp, bal ýaly süýji iýmitler bilen garyp peýdalanmaly.

Aýgül DÖWLETOWA,

Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň talyby.