logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /LIMON SUWUNYŇ ADAM BEDENINE PEÝDASY
  10.11.2022
2838
LIMON SUWUNYŇ ADAM BEDENINE PEÝDASY

Suw adam bedeninde ýeterlik mukdarda bolup, ol köp babatda adam bedeni üçin peýdalydyr. Ýagny, suw bedeniň içegeler we aşgazan­içege ulgamynyň kadaly işlemegine mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, adamlar suwa limon goşup içýärler. Emma lukmanlar limonly suwuň başga­da birnäçe peýdaly taraplaryny belläp geçýärler. Geliň, olaryň käbirlerine seredeliň:

Limon suwunyň kömegi arkaly iýmit siňdiriş ulgamynda hem käbir kynçylyklary aňsat çözüp bolýar. Ýagny, artykmaç iýmitlenilende ýarym limonyň suwuny bir bulgur suwa garyp içmek maslahat berilýär. Şeýlelikde, aşgazandaky agyrlyk gysga wagtda aýrylar.

Limon suwy adamyň göreşijilik ukybyny güýçlendirýär. Ýagny, limonyň düzüminde adamyň göreşijilik ukybyny berkitmäge mümkinçilik berýän «C» witamini bar. Şeýle hem, limon suwy dürli ýokançlyklara, bokurdak agyrylaryna garşy göreşmäge kömek edýär.

Sitrus miwesi garylan suw gan basyşyny kadalaşdyrýar, gany arassalaýar. Limonda kaliý mineralynyň köp bolmagy ýürek damar kesellerine garşy göreşmegiň iň oňat usuly bolup, ýürek bulanmagy, baş aýlanmagy hem aradan aýyrýar.

Limon suwy derini arassalamakda hem täsiri uly bolup, ol düwürtikleri, ýanan ýerleriň hem­de deriniň suwjarýan ýerlerini aýyrmaga mümkinçilik berýär. Limon suwy yzygiderli içilse deriniň garramagyny hem haýalladýar. 

 

Aýlar SAPARMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.