logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Limonyň saglyga peýdasy
  18.12.2020
1425
Limonyň saglyga peýdasy

     Ata Watanymyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, halkymyzyň ýaşaýşyny, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimizde sagdyn ýurmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde kadaly iýmitlenmek, dürli keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak adata öwrüldi. Ynsan saglygyny goramak baradaky alada esasy wezipeleriň hatarynda bolup, sagdyn jemgyýetiň esaslanmagyna aýdyň ýol açýar. Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen milli Maksatnamalar üstünlikli hereket edýär, durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy kitabyndan ugur alyp, derman ösümlikleriniň peýdaly häsiýetleri dogrusynda hem bellenip geçilýär.

        Ýokanç kesellerden goranmak üçin dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen gök bakja önümi bolan limony ary bala goşulan çaý bilen ertirine içmeklik maslahat berilýär. Limon “C” witaminine has hem baýdyr. Bu witaminiň düzümindäki “askorbin turşusy” wiruslara garşy göreşýän öýjükleriň köpelmegine hem uly peýdasy bar. Limon merkezi nerw ulgamynyň işini gowulandyrýar, bedendäki okislenme-dikeldiş hadysalarynyň ählisine gatnaşýar, gan damarlarynyň diwarjyklaryny pugtalandyrýar, bedeniň goraglylygyny güýçlendirýär.