logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /LLDC3 maslahatyna taýýarlyk işleri görülýär
  16.07.2025
1255
LLDC3 maslahatyna taýýarlyk işleri görülýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Hai Hamad Khamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC3) bilen baglanyşykly taýýarlyk çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplar strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek islegini tassykladylar.

 

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn çäreleriň geçirilmegi bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ýurtlaryň halkara meýdançalaryndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini aýratyn bellediler.

 

Şahnoza ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.