logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /«Lu Ban ussahanasy» dörediler
  18.04.2023
1044
«Lu Ban ussahanasy» dörediler

Golaýda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu bilim ojagynyň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda, şeýle hem bu korporasiýanyň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklarynda iş maslahaty geçirildi.

Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasyny» açmagyň anyk wezipeleri, ussahananyň häzirki zaman tejribehana enjamlary üçin talabalaýyk okuw binasy, geçiriljek okuw-tejribe sapaklarynyň hünär ugurlary, okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary, okuw-tejribe enjamlary bilen üpjünçiligi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Lu Ban ussahanasynyň» döredilmegi ýurduň nebitgaz pudagynyň ýokary derejeli hünärmenler, bakalawrlar, ýokary hünär derejeli inžener-tehnologlar bilen üpjün edilmegine uly ýardam berer. Şeýle hem bu ýerde nebitgaz pudagyna degişli innowasion tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşmak üçin hünärmenleriň, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak okuwlary guralar.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Lu Ban ussahanasy» Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen ýurduň Týanzin bilim edarasynda 2016-njy ýyldan bäri hereket edýän hünär bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk taslamasydyr. Häzirki wagtda Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 21 ýurdunda şeýle okuw merkezleriniň 30-a golaýy döredilip, üstünlikli hereket edýär. 

 

Sülgün MYRADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.