logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Lukman Hekimiň «Tebipçilik ylmynyň kanunlary» atly kitabyndan
  18.03.2024
1878
Lukman Hekimiň «Tebipçilik ylmynyň kanunlary» atly kitabyndan

Lukman Hekimiň «Tebipçilik ylmynyň kanunlary» atly kitabyndan:

 

- Çopantelpegiň gülüni gaýnadyp içseň böwrekdäki daşy ereder.

- Dalagy agyrýanlar ýaz ýorunjasyny gaýnadyp içse, şypa tapar. Ol peşewi ýöremeýänlere-de oňat emdir.

- Semzegi unaşa goşup iýseň, ötüşen üsgülewügi aýyrýar.

- Atgulagy ýenjip, ýara ýapsaň, tiz bitirer.

- Kakadylan tudana içgeçmäni, aşgazandaky ýarany aýyrýar.

- Çaganyň içi gurçukly bolsa, ýowşany süýde gaýnadyp içirmeli.

- Sarymsagy gowrup iýseň, aşgazany berkider, suwuny içseň sarygetirmäni dep eder.

- Süýji buýan köki çaý ýaly içilse, süňňüňi sagat edýär.

- Soganyň suwuny bala garyp içseň, bokurdak agyryda haýry kän.

- Naryň dänesini bal garyp iýseň, dişagyra, gulakagyra peýdaly.

- Turpy mynjyradyp, bala garyp, demrewe ýapsaň aýrar.

 

Magtym SEÝIDOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.