logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Lukmanlar maňlaý ýygyrtlarynyň ýürek keseli bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar
  14.04.2022
1774
Lukmanlar maňlaý ýygyrtlarynyň ýürek keseli bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar

Bedeniň daşky görnüşi we saglyk ýagdaýy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tuluza uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmagyna görä, maňlaýdaky köp sanly çuňňur ýygyrtlar ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň çynlakaý töwekgelçiligini görkezýär. Muňa degişli netijeler "Daily Express"-de ýerleşdirildi. Nazaryýeti subut etmek üçin lukmanlar 30 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky meýletinçileriň gatnaşmagynda gözegçilik etdiler. Adamyň maňlaý derisiniň ýagdaýy ýörite şkalada bahalandyryldy, bu ýerde nol - ýygyrtlaryň ýoklugyny aňladýardy we üç nokat - çuňňur ýygyrtlaryň bardygyny görkezýärdi. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, ýüzlerinde gaty ýygyrtlary bolan adamlar ýürek we damar kesellerinden ölmek howpundan on esse ýokarydyr. Şol sebäpli islendik üýtgeşmäni yzarlamak möhümdir. Mesele wagtynda ýüze çykarylsa, töwekgelçiligi azaltmaga we wagtynda bejergä başlamaga mümkinçilik bar.

Ogultäç GURBANOWA,Türkmen oba hojalyk institutynyň  Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy