logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Technology /Maglumat howpsuzlygynda innowasiýalar
  23.02.2023
1676
Maglumat howpsuzlygynda innowasiýalar

Häzirki zaman kämil tehnologiýalar gündelik durmuşyň ähli taraplaryna içgin ornaşdy. Şeýle ösen enjamlarynyň giňden ýaýramagy bilen birlikde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hem ýokarlanýar. Kiberhowpsuzlyk ýa-da maglumat tehnologiýasynyň howpsuzlygy – kompýuter ulgamlaryny we torlaryny gizlin maglumatlaryň syzmagyndan, enjamlarynyň, programma üpjünçiliginiň ýa-da elektron maglumatlarynyň zaýalanmagyndan, degişli hyzmatlaryň näsazlyklaryndan we bökdençliklerinden goramak bilen häsiýetlendirilýär. Kiberhowpsuzlyk häzirki wagtda tehnologiki we beýleki nukdaýnazardan möhüm meseleleriň biridir. Kiberhowpsuzlyk edara-kärhanalaryň, guramalaryň we raýatlaryň şahsy maglumat çeşmelerini kibergiňişlikde kiberhüjümlerden goramagy maksat edinýär. Häzirki wagtda kiberhowplaryň ýaýramagy internet we bulut hyzmatlary arkaly, sosial media platformalaryndan, içki torlardan we başgada köp zatlaryň üsti bilen elýeter bolan maglumatlaryň has köpelmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Sanly enjamlar, innowasion tehnologiýalar we akylly enjamlary hem kiber howplara sezewar bolup biler. Kiberhüjümler dürli ugurlara hem howp salýar. Çünki alnan maglumatlar bähbitsiz maksatlar üçin ulanylyp bilner. Kiberhowpsuzlyk bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge ýardam edýän çemeleşmeleriň biri hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň we bu ugurda ulanylýan innowasiýalaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi bolup durýar. Şeýle innowasiýalaryň esasysy hökmünde emeli intellekti görkezmek bolar. Ol häzirki kiberhowpsuzlyk ulgamlarynyň we maksatnamalarynyň merkezinde ýerleşýär. Kiberhowpsuzlyk goralýan maglumatlara abanýan howpy öňden görmäge, tapmaga we garşy durmaga ýardam edýär. Şeýlelik-de, kiberhowpsuzlyk köp sanly çeşmeleriň arasynda geçirilýän maglumatlaryň ep-esli mukdaryny goramak we gözegçilik etmek bilen berk baglanyşyklydyr.

Bu ýagdaý umumy howpsuzlygy, raýatlaryň we kärhanalaryň amatlylygyny hem-de howpsuzlygyny ýokarlandyryp biler. Umuman aýdanymyzda, sanly ulgam, innowasion tehnologiýalar maglumat howpsuzlygynyň geljeginde möhüm orna eýedirler.

 

Gülbibi AGAGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.