logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Maglumatlary bellik etmegiň peýdaly aýratynlyklary
  26.10.2022
865
Maglumatlary bellik etmegiň peýdaly aýratynlyklary

Bellik etmek – bu pikirleriňi jemlemek, ýatkeşligimizi ösdürmek, belli bir derejede wagtymyzy tygşytlamakdyr. Köp asyrlyk ömri bolan kagyz önümleri, ýagny kitap, galam, depder – bular häzirki innowasion tehnologiýalaryň ösýän döwründe hem gymmatyny ýitirmeýän serişdelerdir. Kämil tehnologiýalar ulanmaga her näçe amatly bolsa-da, galam we ýandepderçämizi mydama ýanymyzda götermek köp ýagdaýlarda peýdaly bolup biler. Sebäbi ýandepderçä bellenilýän ýazgylar belli bir derejede ýatda berk jemlenýär. Edilýän bellikleriň mümkin boldugyndan gysga bolmagy, onuň many-mazmun taýdan hem gysgalygyny aňlatmaýar. Bu ýagdaýy belli alym Tomas Edisonyň yzynda galan 2900 sany ýandepderçesi, Albert Eýnşteýniň bolsa 1910-1940-njy ýyllar aralygyndaky dürli açyşlarynyň ýazgylaryny özünde jemleýän ýandepderçesi subut edýär.

Günüň dowamynda etjek işlerimizi meýilnamalaşdyrmakda, nämedir bir zatlary okanymyzda ýüregimize ýakyn ýerini ýerini belläp almakda, ýa-da söhbetdeşlikde bellik tutmak zerurlygy ýüze çykýar. Esasan hem talyp ýaşlar üçin bellik tutmaklyk olaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny artdyrmak bilen, ünsi öwredilýän dersde jemlemäge ýardam edýär. 

Bellik etmegiň görnüşleri: 

- Okalan maglumatlary bellik etmek;
- Eşidilen maglumatlary bellik etmek;
- Seljerilen maglumatlary we pikirleri bellik etmek;

Bellik etmekde her bir aýdylýan zady bellejek bolman, diňe möhüm hem gerekli ýerler gysgaça bellenilmeli. Bu ýagdaý belli bir derejede ýazuw hereketiniň çaltlygyna hem bagly bolup durýar. Şeýle-de edilen bellikleri ýygy-ýygydan gaýtalamak hem-de oňa senäni goýmagy unutmazlyk hem oňat ýardam edýär. 

Bellik etmegiň peýdaly taraplary: 

- Wagtymyzy tygşytlaýar;
- Ýazyş ukybymyzy artdyrýar;
- Dürli kyn ýagdaýlarda sagdyn pikirlenip, degerli netije çykarmaga ýardam edýär;
- Ýatkeşligi hem zehini artdyrýar;
- Aňymyzy we döredijilik ukybymyzy güýçlendirýär;
- Zerur ýagdaýda elimizde deliliň bolmagyna ýardam edýär.

 

Soltanjemal HUDAÝBERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.