logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /«Magtymguly Pyragy» atly türkmen-özbek filmy «Oltin Humo»-nyň baş baýragyny gazandy
  18.12.2025
192
«Magtymguly Pyragy» atly türkmen-özbek filmy «Oltin Humo»-nyň baş baýragyny gazandy

Türkmenistanly we Özbegistanly kino hünärmenleriniň hyzmatdaşlygynda taýýarlanan «Magtymguly Pyragy» atly çeper film Özbegistanyň milli kino baýragy «Oltin Humo» bäsleşiginde iň ýokary — «Iň gowy film» diýen ada eýe boldy. Şeýle hem film grim we egin-eşik bezegi boýunça aýratyn nominasiýalarda ýeňiji bolup, ýörite sylaglara mynasyp boldy. Bu abraýly sylagy filmiň goýujy režissýory Muzaffar Erkinow kabul etdi. Bu üstünlik iki goňşy ýurduň arasyndaky dostlugyň we medeni hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Giň gerimli kino taslama Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp döredildi. Surata düşüriliş işleri Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň we Özbegistanyň Milli kinematografiýany ösdürmek merkeziniň goldawy bilen geçirildi. Filmiň goýujy režissýory özbek režissýory Muzaffar Erkinow boldy, esasy keşpleri bolsa türkmen sahnasynyň ussatlary ýerine ýetirdiler: şahyryň keşbini aktýor Ahmet Amandurdyýew, onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew janlandyrdy.

 

Film tomaşaçyny XVIII asyra alyp baryp, Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluny, onuň ruhy dünýäsi bilen döredijilik gözleglerini giňden açyp görkezýär. Awtorlar şahyryň bilim alan ýerleri — Buharadaky «Gögeldaş» hem-de Hywadaky «Şirgazy han» medreseleri hakynda aýratyn durup geçýärler. Film Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýörite karary esasynda Özbegistanda nusgawy şahyryň ýubileýiniň giňden bellenilmeginiň çäklerinde döredildi.

 

«Oltin Humo» baýragyndaky ýeňiş film üçin halkara derejesindäki üstünlikleriň dowamy boldy. Mundan öň eser Bolgariýada, Beýik Britaniýada (London) hem-de Russiýada (Kazan) geçirilen halkara kinofestiwallarda baýraklara mynasyp bolup, IV «Gorkut Ata» halkara kinofestiwalynyň «Iň gowy çeper filmi» diýen ada eýe bolupdy. Häzirki wagtda film daşary ýurtlarda-da uly gyzyklanma döredip, dünýä tomaşaçylaryna beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň baý mirasyny açyp görkezýär.

 

Hekimberdi PYGYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.