logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragy barada aýdylanlar:
  09.05.2023
4275
Magtymguly Pyragy barada aýdylanlar:

- Magtymgulynyň gyzyla gaplaýmaly goşgy­-gazallary, onuň iň oňat, iň progressiw nusgalary biziň öňdebaryjy sungatymyza uly goşant bolup girdi.

Baýmuhammet Garryýew, türkmen alymy.

- XVIII asyr Türkmenistanda Magtymgulynyň poeziýasynyň asyrydyr. 

- Magtymguly – bütindünýä poeziýasynyň genji­-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar.

Çingiz Aýtmatow, gyrgyz ýazyjysy.

- Men Magtymgulynyň şygyrlarynyň täsiri bilen duýgulanyp, «Şahyr Magtymguly» atly saz eserini döretdim. Magtymguly meniň ýürek törümde ýaşaýar, ol – ylham çeşmäm.

Gilberg Biberýan, iňlis kompozitory.

- Magtymguly dünýä örän seýrek gelýän akyl we talant pälwanlarynyň biridir.

Zylyha Muhammedowa, türkmen alymy.

- Aslynda, Magtymguly meniň hem şahyrymdyr. Men şahyr hökmünde Magtymguludan köp zatlary öwrenýärin. Magtymguly meniň­-de atamdyr, ussadymdyr. Ol maňa we meniň bilen birlikde şu ýerde bolan ençeme şahyrlara hem iň beýik zady, iň uly zady öwretdi. Şahyr özüniň her bir şygryny halk dilinde ýazyp, halkyň azatlygy hem­-de özbaşdaklygy ugrunda söweşipdir hem göreşipdir. Şeýle etmeýän şahyr, şahyr hem däldir.

Nazym Hikmet, türk şahyry. 

 

 

Toplan: Aýsoltan AMANOWA, 

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.